«Barselonanyň» akademiýasy türkmenistanly futbolçy Artýom Çernowyň FIFA-nyň festiwalynda gazanan üstünliklerini aýratyn belledi. Bu barada «Barça Academy» akademiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär. Neşirde bellenilişi ýaly, Çernow 15 ýaşa çenli futbolçylaryň arasynda taryhda ilkinji gezek geçirilen dünýä çempionatynda we FIFA-nyň festiwalynda üstünlikli çykyş etdi. Ol Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde alty gol geçirip, toparyň iň netijeli futbolçysy boldy we meýdançadaky toparyň kapitany hökmünde çykdy. «Barselonanyň» akademiýasy FIFA-nyň festiwalynda üstünlik gazanan türkmenistanly futbolçy Artýom Çernowyň çykyşyny belläp geçdi Futbolçy 2023-nji ýylyň awgustynda Gyrgyzystanda açylan «Barça Academy Manas» akademiýasynda türgenleşýär. Çernow üçin bu akademiýadaky ikinji möwsüm bolup, häzirki wagtda ol akademiýanyň U-16 toparynyň düzüminde çykyş edýär. Geçen möwsümde bolsa dünýäniň dürli ýurtlaryndaky akademiýalaryň arasynda «Barselona» futbol klubynyň Žoan Gamper adyndaky türgenleşik merkezinde geçirýän «Barça Academy World Cup» ýaryşyna gatnaşdy. «Barselonanyň» akademiýasy FIFA-nyň festiwalynda üstünlik gazanan türkmenistanly futbolçy Artýom Çernowyň çykyşyny belläp geçdi Akademiýanyň berýän maglumatlaryna görä, futbolçy bu ýaryşda çykyş etmeginiň sport we şahsy ösüşi üçin örän gymmatly tejribe bolandygyny belläpdir. Şeýle hem ol akademiýa goşulandan soň gazanan ösüşi üçin «Barça Academy Manas» toparyna minnetdarlyk bildiripdir. «Barselona» futbol kluby onuň ösüşiniň akademiýanyň halkara derejesindäki ýaryşlara gatnaşmaga ukyply futbolçylary taýýarlamak ugrunda alyp barýan işleriniň netijesini görkezýändigini nygtady. «Barselonanyň» akademiýasy FIFA-nyň festiwalynda üstünlik gazanan türkmenistanly futbolçy Artýom Çernowyň çykyşyny belläp geçdi Ýaryş 22–31-nji oktýabr aralygynda Baku şäherinde 2011–2012-nji ýyllarda doglan futbolçylaryň arasynda 8-e 8 görnüşinde geçirildi. Oňa rekord derejedäki 189 milli ýygyndy gatnaşdy. Altyn medallara Ispaniýanyň ýygyndysy mynasyp boldy. Kümüş medallary Çehiýanyň, bürünç medallary bolsa Gresiýanyň ýygyndylary gazandy. Paragwaýyň topary dördünji orny eýeledi. Baş tälimçi Aziz Kambarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň ýygyndysy ýaryşda 10 duşuşyk geçirdi. Türkmenistanyň ýygyndysy L toparçasynda alty utuk toplap, dördünji orny eýeledi. Türkmen futbolçylary Gonkongyň ýygyndysyndan 2:1, Kuk adalarynyň ýygyndysyndan 3:1 hasabynda üstün çykdylar. Şeýle-de olar Italiýanyň (1:5), Kataryň (0:4) we Beniniň (1:4) ýygyndylaryndan asgyn geldiler. Türkmenistanyň ýygyndysy 97–128-nji orunlar üçin geçirilen teselli pleý-off tapgyrynda Kanadanyň (0:4) we Siriýanyň (0:3) toparlaryndan ýeňildi. Soňra türkmen futbolçylary Togonyň ýygyndysyndan 1:0, Botswananyň ýygyndysyndan 4:2 hasabynda üstün çykdylar. Mawritaniýanyň ýygyndysy bilen geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy we penalti urgularynda Türkmenistanyň ýygyndysy 5:4 hasabynda ýeňiş gazandy. Ýaryşyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 121-nji orny eýeledi.