21-nji noýabrda Tokioda daşary ýurt döwletleriniň ilçihanalarynyň wekilleriniň arasynda ýapon dilinde söz ussatlygy boýunça 29-njy bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde Türkmenistanyň wekili ýeňiji boldy. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurdy Baýramow ýapon dilinde çykyş edip, Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň çaý içmek däpleriniň iki halky nähili ýakynlaşdyrýandygy barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň Ýaponiýadaky diplomatik wekilhanasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, çykyşda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen çaý medeniýetiniň baý mirasyny açyp görkezýän eserlerinde beýan edilen garaýyşlara aýratyn üns berildi. Türkmenistan ilçihanalaryň wekilleriniň arasynda ýapon dilinde geçirilen söz ussatlygy bäsleşiginde ýeňiji boldy Ilçi türkmen we ýapon çaý däpleriniň çuňňur hormat-sylagyň, myhmansöýerligiň hem-de özara düşünişmäge bolan ymtylyşyň beýany bolup durýandygyny nygtady. Bu garaýyş Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň halklaryny birleşdirýän umumy ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýdyň görkezýär. Bäsleşigiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Sudanyň we Latwiýanyň wekilleri ýeňiji diýlip yglan edildi. Olaryň çykyşlary mazmunynyň baýlygy, çyn ýürekden beýan edilişi hem-de ýapon dilini ýokary derejede bilmekleri üçin eminler topary tarapyndan ýokary bahalandyryldy. Bu baýrak Türkmenistanyň medeniýetara dialogyň we jemgyýetçilik diplomatiýasynyň ösdürilmegine goşýan goşandynyň möhüm ykrarnamasydyr. Habarda bellenilişi ýaly, ýapon tarapy bu üstünligi Türkmenistanyň ýokary ýolbaşçylygynyň Ýaponiýa bilen dostlukly gatnaşyklary hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga we iki ýurduň arasyndaky medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen syýasatyna doly laýyk gelýändigini nygtady.