Britaniýadaky söwda auksionynda rowaýaty «Titanik» gämisiniň ýolagçy zenany Lýusi Daff-Gordonyň göwher ýüzügi 145 müň dollara satyldy. Bu barada «Henry Aldridge & Son» auksion öýüne salgylanýan TASS habar berdi. Daff-Gordonyň britan modelçisi hem-de gäminiň iň meşhur ýolagçylarynyň biri bolandygy bellidir. Zenan adamsy bilen «Titanik» gämisiniň gark bolan ýerine gelen «Karpatiýa» gämisi tarapyndan halas edilipdir. Gymmat ýüzük oňa nika toýunda sowgat berlipdir we onlarça ýyllardyr dogan-garyndaşlarynda saklanypdyr.