Lebap welaýat kitaphanasyna Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyndan we «Galkynyş» kitap merkezinden täze kitaplar gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmen gündogary» gazeti habar berdi. Habarda bellenilişi ýaly, kitaphana Gahryman Arkadagyň «Watançylyk taglymaty» atly kitabynyň türkmen, iňlis we rus dillerindäki neşirleri, Halyl Kuliýewiň, Italmaz Nuryýewiň goşgular ýygyndysy gowşuryldy. Kitaplar giň okyjylar köpçüligine hödürlenilen gününden uly gyzyklanma döredýär. Bu kitaplar etrap, şäher kitaphanalaryna paýlanylyp, elektron kitaplaryň sanawyna goşuldy. Olar baradaky maglumatlar kitaphananyň elektron katalogynda, elipbiý we pudaklaýyn kataloglarynda hem ýerleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→