Amerikanyň Nike kompaniýasy 2027-nji ýyldan başlap, nemes Puma kompaniýasynyň ornuny tutmak bilen, «Formula-1» ýaryşlarynyň sürüjilerini we işgärlerini egin-eşik hem-de zerur serişdeler bilen üpjün eder. Ylalaşygyň möhleti we maliýe şertleri mälim edilmedi. Hyzmatdaşlygyň çäginde Nike «Formula-1» bilen bilelikdäki geýim kolleksiýalaryny hem çykarar. Käbir dükanlarda eýýäm Las Vegas Grand Prix x Nike kolleksiýasy elýeterlidir. Nikebu «Formula-1» ýaryşyna ýaňy gelen däl. 1996–2002-nji ýyllarda kompaniýa nemes sürüjisi Mihael Şumahere hemaýatkärlik edipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 14 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→