Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň hem-de Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň barşynda D.Orazow Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, desgalaryň gurluşyk işlerine we olaryň enjamlaşdyrylyşyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça edilýän işler barada maglumat berdi. Şeýle hem ol Gahryman Arkadaga bu ýerde gurulýan desgalaryň gurluşyk işleriniň hilini has-da gowulandyrmak, binalaryň döwrebaplaşdyrylyşyna, mundan beýläk-de ýokary derejede häzirki zamanyň täzeçil usullaryny, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen ikinji tapgyrda ýerine ýetirilýän gurluşyklary tamamlamak möhletlerini uzaltmak baradaky haýyş bilen ýüzlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň we dürli maksatly desgalaryň häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda enjamlaşdyrylmagynyň möhüm talap hökmünde kesgitlenendigini belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleriň hut şu ýörelgelere esaslanylmalydygyna ünsi çekdi. Gurluşyk möhletlerini uzaltmak bilen bagly meseleleri Türkmenistanyň Prezidenti bilen ylalaşmalydygyny belläp, Gahryman Arkadag bu babatda döwlet Baştutanyna ýüzlenmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.