Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda 30 müň orunlyk «Arkadagyň ruhy metjidiniň» çäklerinde alnyp barylýan işler we metjidiň ugurdaş desgalarynyň gurluşygy hem-de metjidiň çäginiň bezeg işleri bilen tanyşdy. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri metjidiň çäginde gurulýan sadaka jaýynyň içki bezeg aýratynlyklary bilen tanyşdy. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow Gahryman Arkadagyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, ýerine ýetirilen işler, binanyň yşyklandyryş ulgamy we onuň çäklerinde ulanylýan reňkleriň sazlaşygy barada maglumat berdi. Gahryman Arkadag binanyň howa çalşygyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, bu ýerde ýylyň ähli paslynda ýakymly howa gurşawynyň saklanmagynyň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi boýunça öwüt-ündewlerini berdi. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň baş bezegine öwrülýän «Arkadagyň ruhy metjidiniň» çäklerini synlap, bu ýerde alnyp barylýan işleriň depginleriniň öňküden-de güýçlendirilmelidigini belledi hem-de täze şäheriň bagy-bossanlyga bürenmegi, bu ýerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň berjaý edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny aýtdy. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde duran wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip, bu ýerden ugrady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 15 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→