Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Hiroşi Sasaki Aşgabatdaky diplomatik iş möhletini tamamlamak bilen, türkmen halkynyň Ýaponiýa bolan gyzyklanmasyny we mähirli garaýşyny aýratyn nygtady. Bu barada diplomatik wekilhananyň resmi saýtynda çap edilen hoşlaşyk ýüzlenmesinde bellenilýär. «Türkmenistanda bolan döwrümde meni aýratyn täsir galdyran zatlaryň biri türkmen halkynyň Ýaponiýa bolan tüýs ýürekden gyzyklanmasy we mähirli garaýşy boldy. Häzirki wagtda bu ýurtda köp sanly ýaşlar ýapon dilini öwrenýärler. Ýurdumyzda dürli künjeklerde bu dili yhlas bilen özleşdirýän talyplar bilen söhbetdeş bolmak maňa miýesser etdi. Olaryň her gezek çynlakaý çemeleşişini we geljege bolan uly ymtylyşyny görenimde, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň öňünde örän ýagty geljegiň bardygyna göz ýetirdim» — diýip, diplomat ýazýar. Hiroşi Sasaki 2023-nji ýylyň noýabr aýynda öz wezipesine girişipdi. Ol hoşlaşyk ýüzlenmesinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa, Hökümetiň agzalaryna, diplomatik korpusa, işewür toparlaryň wekillerine, ýurtda ýaşaýan watandaşlaryna we tutuş türkmen halkyna bildirilen goldaw hem-de ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi. Ilçi soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň syýasy, ykdysady, medeniýet we bilim ulgamlarynda depginli ösdürilýändigini nygtady. Ol 2025-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaponiýa iki gezek — Osaka şäherinde geçirilen «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde we «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» görnüşindäki sammitine gatnaşmak üçin sapar edendigini ýatlatdy. Ýaponiýanyň ilçisi türkmen halkynyň öz ýurduna bildirýän mähirli garaýşyny we gyzyklanmasyny belledi 2026-njy ýylyň awgust aýynda Ýaponiýanyň daşary işler ministri Toşimisu Motegi Aşgabada sapar bilen geldi. Hiroşi Sasakiniň bellemegine görä, bu soňky sekiz ýylyň dowamynda Ýaponiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Türkmenistana amala aşyran ilkinji sapary boldy. Saparyň çäklerinde ministr Türkmenistanyň Prezidentine hormat bilen ýüz tutup, duşuşyk geçirdi. Diplomat ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri bilelikdäki taslamalaryň hem-de beýleki başlangyçlaryň netijesinde ykdysady hyzmatdaşlygyň has-da çuňlaşýandygyny hem aýratyn belledi. Hiroşi Sasaki 2027-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 35 ýyl doljakdygyny ýatlatdy. Ol dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň berk binýadyna daýanyp, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň geljekde hem yzygiderli ösdüriljekdigine umyt bildirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→