«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Gazagystan Respublikasynyň Kurultaýynyň Başlygy Aýbek Dädebaýyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi. Taraplar iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen, strategik häsiýete eýe bolan türkmen-gazak gatnaşyklarynyň dürli, ýagny syýasy-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda, şol sanda parlamentara hyzmatdaşlyk boýunça netijeli häsiýete eýe bolýandygyny we yzygiderli ösdürilýändigini bellediler. Duşuşykda parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmegiň möhüm bölegine öwrülendigi we ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň, ýaş we zenan parlamentarileriň duşuşyklarynyň geçirilmeginiň, ugurdaş komitetleriň arasynda gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň we özara saparlaryň guralmagynyň kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→