Niderlandlaryň paýtagtynyň golaýyndaky Shidame şäherinde köp öýli ýaşaýyş jaýynyň ýaşaýjylary öz poçta gutularyndan 50 ýewro tapdylar diýip, ýerli «Omroep Twee» teleýaýlymyna salgylanýan «absatz.media» neşiri habar berdi. Pullary kimiň we näme maksat bilen gutulara paýlandygy belli däl. Ýaşaýjylar gutularynda puluň ýanynda hiç hili düşündiriji haty tapmandyklaryny gürrüň berdiler. Mysal üçin, zenanlaryň biri žurnalistlere kimdir biri şeýle etmek bilen, bergisini üzlüşmekçi bolandygy barada pikir edendigini, emma hiç kimde algysynyň ýokdugyny gürrüň berdi. Puly kim goýduka diýen sowala bolsa, ol, megerem, hyýaly erteki gahrymanlary kiçijik elfler sowgat edendir diýip, degişme bilen jogap berdi. «Omroep Twee» teleýaýlymy 50 ýewrolyk pullaryň 10 adamyň poçta gutusyndan tapylandygyny habar berdi.