«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen Parlamentara dostluk toparynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi. Duşuşygyň barşynda myhmanlar Türkmenistanyň alyp barýan, oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, milli Parlamentiň düzümi hem-de dürli ulgamlarda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy. Söhbetdeşlikde iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň häzirki derejesi, özara ynanyşmagy berkitmekde, hoşniýetli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde tagallalary birleşdirmegiň ähmiýetine üns çekildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesine hem-de ähmiýetine aýratyn ünsi çekdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→