«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň hem ikitaraplaýyn hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykmagyna oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi. Milli Parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa Türkmenistanyň Mejlisiniň iki ýurduň arasynda ähli ugurlar boýunça depginli ösdürilýän, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak, özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýan hoşniýetli gatnaşyklary parlament diplomatiýasy arkaly goldamagy has-da işjeňleşdirmegi maksat edinýändigini nygtaldy. Duşuşykda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan biragyzdan kabul edilen «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly Kararnamanyň dünýä derejesinde halkara hukugyň ornuny has-da ýokarlandyrmakda, ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Taraplar Türkmenistanyň Mejlisiniň we Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň çäklerinde ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň yzygiderli kämilleşdirilmegini, ugurdaş komitetleriň, zenan we ýaş parlamentarileriň arasyndaky dialogyň güýçlendirilmegini, kanunçykaryjylyk hem-de parlament işinde özara tejribe alşylmagynyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny goldaýandyklaryny beýan etdiler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→