«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň çäklerinde «Türkmenistanyň Mejlisiniň Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşi bilen Parlamentara dostluk toparynyň we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Türkmenistanyň Mejlisi bilen hyzmatdaşlyk boýunça toparynyň 2027-nji ýyl üçin iş Meýilnamasyna» gol çekmek dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi. Türkmenistanyň Mejlisi bilen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň arasyndaky parlamentara gatnaşyklar iki taraplaýyn gol çekilen Hyzmatdaşlyk etmek hakynda ylalaşygyň esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şu gün gol çekilen Meýilnamada göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilmegi iki ýurduň parlamentleriniň arasynda dialogy pugtalandyrmaga, kanunçykaryjylyk we parlament işinde toplanan tejribeleri öwrenmäge we özara alyşmaga, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga ýardam eder.