Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani türkmenistanly badmintonçylaryň türgenleşigine baryp gördi. Şeýle-de ol hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Badminton federasiýasy bilen bilelikde işleýän eýranly tälimçi Hasan Bozorgzad bilen söhbetdeş boldy. Bu barada Eýranyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berdi. Mundan öň habar berlişi ýaly, Eýranyň we Türkmenistanyň badminton federasiýalarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, Hasan Bozorgzad Türkmenistanyň badminton sportuny ösdürmäge gönükdirilen iki aýlyk türgenleşik okuwlaryny geçirmek üçin Aşgabatda işleýär. Hasan Bozorgzad Eýranyň milli ýygyndysynyň ozalky badmintonçysy bolup, ömrüniň tas 46 ýylyny bu sport görnüşine bagyşlady. Ol 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan bäri Eýranyň Badminton federasiýasynyň zehinli türgenleri ýüze çykarmak boýunça komitetine ýolbaşçylyk edýär. Şeýle-de 2021-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Eýranyň para-badminton boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesini ýerine ýetirýär.