«Altyn Asyr» futbol kluby Türkmenistanyň çempionatynyň Ýokary ligasynyň 27-nji tapgyrynyň çäklerinde geçirilen duşuşykda «Şagadam» toparyny ýeňlişe sezewar edip, ýaryşyň kümüş medalyny eýelemegi kepillendirdi. Türkmenbaşy şäherinde geçirilen duşuşyk paýtagtymyzyň toparynyň 1:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 96-njy minutda bellenen 11 metrlik jerime urgusyndan Myrat Annaýew geçirdi. «Altyn Asyr» 27 duşuşykda 59 utuk toplap, iň ýakyn yzarlaýjysy bolan «Ahal» topary üçin ýetip bolmajak aralygy döretdi. Ahal welaýatynyň «Ahal» topary 27-nji tapgyrda «Nebitçini» 3:0 hasabynda ýeňip, 26 duşuşykdan soň öz hasabyndaky utuklarynyň sanyny 52-ä ýetirdi. «Ahal» toparynyň ätiýaçda ýene iki duşuşygynyň bardygyna hem-de olaryň netijesine garamazdan, topar «Altyn Asyr» toparyndan öňe geçip bilmez we çempionatyň jemleýji ýaryş tertibinde üçünji orny eýelär. «Nebitçi» bilen geçirilen duşuşykda Magtym Berenow (63-nji minutda), Yslam Annamyradow (80) we Süleýman Mirzoýew (90 +1) tapawutlandylar. Tapgyryň ýene bir duşuşygynda «Köpetdag» kluby «Merw» toparyndan üstün çykdy. Duşuşygyň ýeke-täk goluny 90 +1-nji minutda Baýramgeldi Gulmaýew geçirdi. Mundan öň ýurdumyzyň çempiony bolan «Arkadag» kluby «Aşgabat» toparyny 2:0 hasabynda ýeňipdi. Bu duşuşykda Şanazar Tirkişow (38-nji minutda) we Meýlis Diniýew (52) tapawutlandylar.