«Belet» platformasynyň futbol duşuşyklarynyň göni ýaýlymlarynyň tertibi Turkmenportal saýtynyň we onuň ykjam goşundysynyň «Sport» bölümindäki oýunlar merkezinde ýerleşdirildi. Indi futbol janköýerleri platformanyň haýsy duşuşyklary göni ýaýlymda görkezjekdigini öňünden bilip, oýunlar merkezindäki tertip arkaly ýaýlyma geçip bilerler. Oýunlar merkezinde Angliýanyň Premýer-ligasy, Ispaniýanyň La Ligasy, Italiýanyň A Seriýasy, Fransiýanyň 1-nji ligasy, Germaniýanyň Bundesligasy, UEFA-nyň Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy, Türkiýäniň Superligasy, Russiýanyň Premýer-ligasy hem-de Türkmenistanyň Ýokary ligasy ýaly öňdebaryjy futbol ýaryşlarynyň senenamasy we duşuşyklaryň netijeleri ýerleşdirilendir. Her bir çempionat boýunça ýaryş tertipleri we günler boýunça duşuşyklaryň sanawy hem elýeterlidir. Süzgüç setiriniň kömegi bilen duşuşyklaryň başlanýan wagtyny bilip bolýar, seneleriň arasyndan geçip we gözlenýän oýny tapyp bolýar. Şeýle-de ulanyjylar özlerine gyzykly ýaryşlary we toparlary saýlananlara goşup, olaryň duşuşyklaryny bir ýerden yzarlap bilerler. «Belet» platformasynda görkeziljek duşuşyklar tertipde gök nyşanjyk we «Seret» diýen baglanyşyk bilen bellenýär. Şol baglanyşyga basylanda, ulanyjy platformanyň goşundysyna geçýär we duşuşyga tomaşa edip başlaýar. Ýokarky panelde ýerleşýän «Belet» süzgüç düwmesi sanawda diňe göni ýaýlymda görkeziljek duşuşyklary galdyrýar. «Beletdäki ýaýlymlar» atly aýratyn bölümde bolsa ýakyn wagtda görkeziljek oýunlar olaryň senesi we başlanýan wagty bilen bilelikde görkezilýär. Ýakyn dynç günlerinde «Belet» platformasynda aşakdaky futbol duşuşyklarynyň göni ýaýlymda görkezilmegi meýilleşdirilýär: 21-nji noýabra geçilýän gije: «Bawariýa» – «Köln» (Bundesliga), sagat 00:30; «Atletik» – «Espanýol» (La Liga), sagat 01:00. 21-nji noýabr, şenbe güni: «Mançester Siti» – «Fulhem» (Angliýanyň Premýer-ligasy), sagat 17:30; «Galatasaraý» – «Samsunspor» (Türkiýäniň Superligasy), sagat 18:00; «Baýer» – «Paderborn» (Bundesliga), sagat 19:30; «Union» – «RB Leýpsig» (Bundesliga), sagat 19:30; «Aston Willa» – «Sanderlend» (Angliýanyň Premýer-ligasy), sagat 20:00; «Çelsi» – «Lids» (Angliýanyň Premýer-ligasy), sagat 20:00; «Tottenhem» – «Ipswiç» (Angliýanyň Premýer-ligasy), sagat 20:00; «Raýo Wallekano» – «Walensiýa» (La Liga), sagat 20:15; «Nýukasl» – «Arsenal» (Angliýanyň Premýer-ligasy), sagat 22:30.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→