Şu ýylyň 5-nji dekabryndan baýramçylyk söwdalaryny ýurduň welaýatlarynda hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde ýerleşýän söwda merkezlerinde, bazarlarda, dükanlarda amala aşyrmak hem-de göçme söwda nokatlaryny guramak göz öňünde tutulýar. Bu barada şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Atagulyýewiň söwda toplumy tarapyndan Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli görülýän taýýarlyk işleri baradaky hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlendi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy bilen baglylykda, bazarlarda göçme söwda nokatlaryny guramagyň möhümdigini belledi hem-de dürli görnüşli sowgatlyk harytlar bilen üpjün etmegi gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→