Aşgabatda «GDA agza döwletleriň ulag baglanyşygyny berkitmekde zähmeti guramagy we kadalaşdyrmagy ösdürmegiň mümkinçilikleri» atly halkara maslahat geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer H.Geldimyradowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän halkara maslahatynyň esasy maksady ykdysadyýetleriň sanlylaşdyrylmagy we döwletleriň ulag-logistika taýdan özara baglanyşykly şertlerinde zähmeti kadalaşdyrmak babatynda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmakdan, zähmeti kadalaşdyrmak ulgamynda GDA-nyň ýurtlarynyň we guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Maslahatyň işine Azerbaýjan, Belarus, Ermenistan, Gazagystanyň, Gyrgyz, Täjigistan, Özbegistan Respublikalarynyň we Russiýa Federasiýasynyň degişli ygtyýarly we ulag edaralarynyň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň, zähmeti kadalaşdyrmakda usulyýet we guramaçylyk-tehniki işlerini üpjün edýän Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň binýatlyk guramalarynyň döwletara statistika komitetiniň hem-de Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmakda öňdebaryjy halkara tejribesinden ugur almagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutany wise-premýere bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen guraljak halkara maslahata gowy taýýarlyk görmegi we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.