Türkmenistanda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisi geçiriler. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer G.Agajanowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, hökümetara toparyň işine aýratyn ähmiýet berilýär. Toparyň nobatdaky mejlisinde iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek we gerimini has-da giňeltmek maksady bilen ýangyç-energetika, maliýe-ykdysady, ylym-bilim, ýokary tehnologiýalar, sport, medeniýet, saglygy goraýyş, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilýändigini aýtdy hem-de wise-premýere Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň 11-nji mejlisine gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→