«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawody döwrebaplaşdyrylar. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda wise-premýer B.Annamämmedowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, ýerli çig mal serişdelerinden rejeli we netijeli peýdalanmak bilen, himiýa senagatyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça ýurtda ösen tehnologiýalar esasynda täze himiýa kärhanalary gurulýar, öňden işleýänleriniň durky täzelenýär we döwrebaplaşdyrylýar. Bu babatda «Balkanabat» ýod zawodynda-da degişli işler amala aşyrylýar. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, Türkmenistanda himiýa senagatyny ösdürmek hem-de ýerli çig mal serişdelerini rejeli we netijeli peýdalanmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutany «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň «Balkanabat» ýod zawodynyň düzüminde tehniki uglerod öndürýän desgany gurmak boýunça taýýarlanan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→