Şu ýylyň dekabr aýynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary we olimpiadalary geçirmek meýilleşdirilýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Mämmedowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, ýaşlaryň intellektual ukyplaryny ösdürmek, ylyma we döredijilige höwesini artdyrmak hem-de hünärlere ugrukdyrmak babatynda toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Hususan-da, geljek aýda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda VI Açyk halkara fizika internet olimpiadasyny, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2028-nji ýyl — Halkara hukuk ýyly» atly kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde I Halkara hukugy bäsleşigini, III Halkara filosofiýa we III Halkara ykdysadyýet olimpiadalaryny geçirmek meýilleşdirilýär. Şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynda «Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny» atly III halkara ylmy-amaly maslahatyny, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Atçylyk pudagynda ylmy-barlaglar we innowasiýalar: halkara tejribe we geljekki ösüş ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahaty guramak göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklipleri hödürledi. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurtda ýaş nesliň zehin-başarnygyny ösdürmäge we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge möhüm ähmiýet berilýändigini belledi. Döwlet Baştutany ýurduň degişli ýokary okuw mekdeplerinde halkara maslahatlary hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.