Türkmenistanyň öňe sürmegi esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilendigi barada BMG-niň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän baş edarasyndan hoş habar gelip gowuşdy. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, şu ýylyň 16-njy noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 81-nji sessiýasynyň çäklerinde Türkmenistanyň öňe sürmegi esasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnama kabul edildi. Möhüm ähmiýetli resminamanyň Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk edýän ýylynda hem-de Arkalaşygyň 35 ýyllyk ýubileý ýylynda kabul edilendigi bellenildi. Täze Kararnama Türkmenistanyň Arkalaşygyň halkara giňişligindäki ornuny we abraýyny pugtalandyrmak hem-de onuň BMG bilen özara gatnaşyklaryny ösdürmek babatda uly tagalla edýändigine aýdyň subutnama bolup durýar. Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidentini we türkmen halkynyň Milli Liderini «Birleşen Milletler Guramasynyň we Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň arasynda hyzmatdaşlyk» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutany Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan «açyk gapylar» syýasatyny alyp barýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, mejlise gatnaşyjylaryň ählisini gelip gowşan hoş habar – möhüm ähmiýetli Kararnamanyň kabul edilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady.