Şu ýylyň 24 – 26-nji noýabry aralygynda Aşgabat şäherinde «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş – 2026» atly halkara maslahaty we sergini hem-de «Türkmentel – 2026» halkara sergini we ylmy maslahaty geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görülýär. Bu barada şu gün sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Akmämmedowyň hasabatynda bellenildi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu çärelere jemi 300-den gowrak halkara guramalaryň we daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de 600-den gowrak wekiliýetleriň gatnaşdyrylmagy meýilleşdirilýär. Sergide sanly ykdysadyýet, emeli aň, kiberhowpsuzlyk, 5G tehnologiýalary we telekommunikasiýa ugurlary boýunça täze innowasion çözgütler görkeziler. Şeýle hem Halkara elektroaragatnaşyk bileleşigi tarapyndan kiberhowpsuzlyk boýunça hem-de BMGÖM tarapyndan «Emeli aň we innowasiýa bilen Türkmenistanyň sanly geljegini emele getirmek» atly okuw maslahatlarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň ulag we aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de wise-premýere halkara ulag-üstaşyr geçelgelerine bagyşlanan halkara maslahata we sergä, şeýle hem «Türkmentel – 2026» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gowy taýýarlyk görmegi we ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→