Mongoliýanyň Beýik döwlet huralynyň (parlament) başlygy, Uhnaagiýn Hurelsuh iş başyndan gidenden soňra döwlet Baştutanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Sandagiýn Býambasogt öňdäki Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçy däl. Bu barada ol metbugat brifinginde habar berdi diýip «INTERFAX.RU» ýazýar. Ýurtda möhletinden öňki Prezident saýlawlary döwlet Baştutany işden gidenden soňra dört aýyň dowamynda geçirilmeli. Saýlawlaryň gününiň yglan edilen gününden ses berlişige çenli azyndan 70 gün geçmeli. Býambasogt mongol parlamentiniň spikeri wezipesinde 2026-njy ýylyň martyndan bäri işleýär. Ol öň ýurduň Hökümet diwanyna ýolbaşçylyk etdi, ýollary ösdürmek we ulag ministri hem-de ýurduň Goranmak ministrliginiň ýolbaşçysy boldy. 17-nji noýabrda Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh öz islegi boýunça işden gidýändigini mälim etdi.