Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň 2027 — 2035-nji ýyllar üçin biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça Milli strategiýasynyň we Hereketleriň meýilnamasynyň täzelenen görnüşini makullady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredowa degişli işleri geçirmegi tabşyrdy. Bu barada TDH agentligi habar berýär. Resminama ýurdumyzyň milli bähbitlerine we ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, şeýle hem 2022-nji ýylda kabul edilen Biologik köpdürlülik boýunça Kunmin-Monreal ählumumy Çarçuwaly maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň esasynda işlenip taýýarlanyldy. Milli strategiýanyň esasy maksady ýurdumyzyň biologik dürlüligini häzirki we geljek nesiller üçin gorap saklamakdan, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmakdan ybaratdyr. Resminamada milli maksatlar we olara ýetmek boýunça anyk wezipeler kesgitlenildi. Şol maksatlara ýetmek üçin degişli çäreleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de Strategiýada «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasynda» hem-de beýleki degişli döwlet resminamalarynda kesgitlenen wezipeler göz öňünde tutuldy. Milli strategiýanyň taslamasyna degişli döwlet edaralarynyň we beýleki gyzyklanýan taraplaryň gatnaşmagynda amala aşyryljak çäreleri öz içine alýan Hereketleriň meýilnamasynyň taslamasy hem goşuldy. Bu resminamanyň kabul edilmegi ýurdumyzda biologik dürlüligi gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işleri täze derejä çykarmaga, tebigy baýlyklary geljek nesiller üçin aýawly saklamaga, şeýle hem ekologiýa başlangyçlaryny we Türkmenistanyň degişli halkara borçnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmegi ilerletmäge ýardam berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→