Halkara migrasiýa guramasy (HMG) Mary şäherinde «Başarnyklardan mümkinçiliklere» atly el işleriniň sergi-ýarmarkasyny geçirdi. Oňa Mary welaýatynyň owgan we ýerli jemgyýetçilik toparlaryna wekilçilik edýän 30-dan gowrak zenan gatnaşdy. Türkmenistanda Halkara migrasiýa guramasy Maryda «Başarnyklardan mümkinçiliklere» atly sergi-ýarmarkany geçirdi Çäre ýerli häkimiýet edaralarynyň we hyzmatdaş jemgyýetçilik guramalarynyň goldawy bilen geçirildi. Bu barada Halkara migrasiýa guramasynyň metbugat üçin ýaýradan maglumatynda habar berilýär. Türkmenistanda Halkara migrasiýa guramasy Maryda «Başarnyklardan mümkinçiliklere» atly sergi-ýarmarkany geçirdi Gatnaşyjylar el işleriniň we milli senetçilik önümleriniň dürli görnüşlerini görkezdiler. Olaryň arasynda kümüş şaý-sepler, milli tahýalar, köýnekler üçin keşdeler, toý lybaslary (kürte), elde dokalan halylar, keçe önümleri, örme güllerden taýýarlanan çemenler, şeýle hem el keşdeleri we bezeg şaýlary bilen bezelen owgan milli lybaslary bar. Sergä hususy pudagyň wekilleri, talyp ýaşlar we giň jemgyýetçilik köpçüligi bilen birlikde 200-den gowrak adam baryp gördi. Türkmenistanda Halkara migrasiýa guramasy Maryda «Başarnyklardan mümkinçiliklere» atly sergi-ýarmarkany geçirdi Maksatnamanyň möhüm bölegini ýarmarka gatnaşyjylaryň ýerli işewürler jemgyýeti we hyzmatdaş guramalar bilen hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan «tegelek stol» duşuşygy düzdi. Ara alyp maslahatlaşmalara «Täze Aý», «Gerçek Ýigit» kompaniýalarynyň, «Röwşen» kärhanasynyň we beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar. Olar öz önümçilik işleriniň çäklerinde zenan hünärmenleriň iş bilen üpjünçiligini giňeltmek boýunça anyk teklipleri öňe sürdüler. Hususan-da, uzakdaky obalardan işgärleri gatnatmak üçin ulag bilen üpjün etmek, olaryň iýmitlenmegini guramak, önümçilik kärhanalarynda tölegsiz tejribelige kabul etmek, halypa-şägirtlik ulgamyny ýola goýmak we geljekde olary önümçilik işlerine çekmek ýaly teklipler beýan edildi. El işleriniň sergi-ýarmarkasy Halkara migrasiýa guramasynyň Türkmenistanda durmuşa geçiren üç ýyllyk sebit taslamasynyň jemleýji çäresi boldy. Taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde Lebap we Mary welaýatlarynyň owgan we ýerli jemgyýetçilik toparlaryna degişli 219 zenana we gyza goldaw berildi. Olar üç aýyň dowamynda tikinçilik hünäri boýunça okuw geçdiler. Okuwlar nazaryýet we amaly sapaklary öz içine aldy. Okuwy tamamlanlaryň ählisine degişli şahadatnamalar we alan başarnyklaryny girdeji getirýän işde ulanmaklary üçin sowgat hökmünde tikin maşynlary gowşuryldy. Türkmenistanda Halkara migrasiýa guramasy Maryda «Başarnyklardan mümkinçiliklere» atly sergi-ýarmarkany geçirdi Bu çäre Halkara migrasiýa guramasynyň «Owganystan we onuň bilen goňşy ýurtlar üçin toplumlaýyn hereketleriň meýilnamasy» atly sebit taslamasynyň çäklerinde guraldy. Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy we Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň utgaşdyrmagy bilen, Halkara migrasiýa guramasy taslamanyň ýurt boýunça düzümini ýerli häkimiýet edaralary we hökümete dahylsyz guramalar bilen hyzmatdaşlykda, owgan we ýerli jemgyýetçilik toparlarynyň gönüden-göni gatnaşmagynda durmuşa geçirdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→