Ak tamyň kiberhowpsuzlyk boýunça edarasynyň başlygy Şon Kernkross öz wezipesini terk edýär. Bu barada çeşmelere salgylanýan «Axios» portaly habar berdi. Habarda Kernkrossyň ABŞ-nyň Prezidentiniň edarasy bilen düşünişmezlik sebäpli däl-de, öz islegi boýunça işden gidýändigi bellenýär. Portalyň maglumatlaryna laýyklykda, Kernkross ýurduň Senaty ony wezipesinde 3-nji ýanwara çenli tassyklamagyna garaşmazdan, häzir işden gitmek kararyna geldi. Hut 3-nji ýanwarda Kongresiň üstünden gözegçilik demokratlara geçýär. 8-nji noýabrda Ak tamyň edarasynyň başlygynyň orunbasary Riçard Uolters başlygy Sýuzi Uaýls işden aýrylyp, onuň ýerine Trampyň esasy geňeşçisi Stiwen Miller bellenenden soňra wezipesinden çekiljekdigini yglan etdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→