Düýn Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Seýidowa taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek we gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, «Milli taryhy-medeni mirasyň desgalaryny aýawly saklamak, goramak we öwrenmek, olara syýahatçylary çekmek boýunça 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirligi tarapyndan taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag we rejeleýiş işleri dowam etdirilýär. Şu ýylyň güýz möwsüminde ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde bilelikdäki arheologik ekspedisiýalar tarapyndan ylmy gözlegler geçirilýär. Ylmy-barlaglaryň netijeleri baradaky maglumatlary öz wagtynda çap etmek we olar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligini tanyşdyrmak maksady bilen, «Asyrlaryň yzlary» atly halkara ylmy ýygyndynyň dördünji sany neşire taýýarlanyldy. Hasabatyň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow halkymyzyň baý taryhy-medeni mirasyny ylmy taýdan öwrenmegiň we ony geljekki nesillere ýetirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýandygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere taryhy-medeni ýadygärlikleri rejelemek, dikeltmek we gorap saklamak boýunça işleri dowam etdirmek tabşyryldy.