Gruziýada 22-nji noýabr Tbilisiniň etegindäki ýaşaýyş jaýynda hojalyk gazynyň partlamasynda heläk bolanlaryň hatyrasyna matam güni diýlip yglan edildi. Hökümetiň kararyna laýyklykda, şol gün tutuş ýurtda döwlet baýdaklary ýatyrylar. Karar ýurduň Hökümeti tarapyndan kabul edildi diýip, «1TV» teleýaýlymy habar berdi. Partlama 19-njy noýabrda irden Tbilisiniň ýakasyndaky Kwemo-Poniçala ilatly ýerinde boldy. Netijede, bina bölekleýin ýykyldy. Alty adam, şol sanda iki çaga gurban boldy. Ýene dört adamy halas edijiler harabalygyň aşagyndan çykardylar. Partlamanyň deslapky sebäbi binanyň bäşinji gatynda gazly gyzdyryjynyň näsazlygy diýlip çaklanýar. Tbilisiniň häkimi Kaha Kaladze tebigy gazyň syzmak mümkinçiligi barada hem habar berdi diýip, «rbc.ru» ýazýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→