«Netflix» platformasynyň tomaşaçylary 2026-njy ýylyň birinji ýarymynda «Maşa we Aýy» rus multserialyna 126,6 million sagat sarp etdiler. Bu barada kompaniýanyň hasabatyna salgylanýan «ria.ru» habar berdi. Aýratyn hem serialyň birinji we bäşinji möwsümleri iň köp gyzyklanma döretdi, olara degişlilikde, 36,4 million we 38 million sagat tomaşa edildi. Beýleki möwsümlere tomaşa edenleriň hem millionlarçadygy habarda bellenýär. Multserial «Animaccord» studiýasy tarapyndan döredilip, 40-dan gowrak dile terjime edildi. Ony dünýäniň öňdebaryjy mediakompaniýalary görkezýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→