16-17-nji noýabrda Aşgabatda «Ilkinji saglygy goraýyş, saglygy goraýyş işgärleri we saglygy goraýşy maliýeleşdirmek: häzirki ýagdaýymyza umumy garaýyş» atly saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşap almak boýunça ýokary derejeli syýasy dialog geçirildi. «Tegelek stol» duşuşygy Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, BSGG, ÝUNISEF, UNFPA, BMGÖM we BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasy tarapyndan guraldy. Oňa ministrlikleriň, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň, Mejlisiň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň, lukmançylyk okuw edaralarynyň we BMG-niň agentlikleriniň wekilleri gatnaşyp, ýokary hilli, elýeterli we amatly saglygy goraýyş hyzmatlaryny ösdürmek boýunça bilelikdäki tagallalary ýapyk we resmi däl iş duşuşygynyň çäklerinde ara alyp maslahatlaşdylar. Dialogyň maksady bar bolan maglumatlara we milli tejribä esaslanyp, ilkinji kömek, saglygy goraýyş işgärleri we saglygy goraýşy maliýeleşdirmek ugurlarynda ýurduň gazanan ösüşi barada umumy düşünjäni kemala getirmekden ybarat boldy. Bu syýasy dialog BMG-niň Türkmenistan üçin 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Durnukly ösüş ugrunda hyzmatdaşlygyň Çarçuwaly maksatnamasynyň çäklerinde geçirilen altynjy dialog boldy. BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň Saglygy goraýyş ulgamlary departamentiniň direktory, doktor Nataşa Azzopardi Muskat çykyşynda 2025-nji ýylyň bahalandyrmasynyň netijelerini BSGG-niň Ýewropa sebitindäki beýleki ýurtlaryň tejribesini nazara almak bilen Türkmenistan üçin geljekki amaly ädimleri kesgitlemekde ulanmak mümkinçiligini belledi. BSGG-niň Türkmenistandaky wekili doktor Giýom Dedet Türkmenistanyň 2027-nji ýylda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň toparyna ýolbaşçylyk etmeginiň saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşap almak boýunça innowasion çemeleşmeleri durmuşa geçirýän ýurtlar bilen tejribe alyşmak we olardan öwrenmek üçin mümkinçilik döredýändigini belledi. 7-nji oktýabrda kabul edilen GDA sebitinde saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşap almak we Durnukly ösüş maksatlary boýunça Awaza Jarnamasynyň durmuşa geçirilmegi dialogyň dowamynda esasy temalaryň biri boldy. Ol Türkmenistanda saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşap almagyň häzirki ýagdaýyny we geljekde dowamly hyzmatdaşlygyň üsti bilen ýetilmeli möhüm sepgitleri ara alyp maslahatlaşmak üçin esas döretdi. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistanyň milli DÖM 3 görkezijilerine ýetmek boýunça ösüşini gözden geçirdiler. BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň ykdysatçysy jenap Uladzimir Waletka DÖM statistikasynyň yzygiderli kämilleşmeginiň, çaga dogulanda hünärli lukmançylyk kömegi we immunizasiýa bilen ýokary derejede gurşalmagyň, şeýle hem çagalar ölüminiň we inçekesel bilen kesellemegiň azalmagynyň möhüm ösüşi görkezýändigini belledi. Iki günüň dowamynda geçirilen sekiz bölümçede milli hyzmatdaşlar, BSGG we ÝUNISEF Türkmenistan boýunça maglumatlary hödürlediler we BSGG-niň Ýewropa sebitindäki ýurtlaryň tejribeleri bilen paýlaşdylar. Gatnaşyjylar saglyk bilen bagly Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde gazanylan ösüşi we Ilkinji saglygy goraýyş boýunça Milli ýol kartasynyň durmuşa geçirilişini gözden geçirdiler. Şeýle hem sanly saglygy goraýyş, saglygy goraýyş işgärleriniň sany we ýaş düzümi, maşgala lukmanlaryny hem-de şepagat uýalaryny taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabatda saglygy goraýyş hyzmatlary bilen ählumumy gurşap almak boýunça ýokary derejeli syýasy dialog geçirildi Bölümçelerde çagalar we maşgalalar üçin saglygy goraýyş hyzmatlary, şol sanda Çaga kesellerini toplumlaýyn dolandyrmak strategiýasy we BSGG-niň Çagalar we ýetginjekler üçin ilkinji saglygy goraýyş boýunça jübi gollanmasy, şeýle hem raýatlaryň öz serişdelerinden töleglerine we saglygy goraýyş çykdajylaryny yzarlamaga aýratyn üns bermek bilen saglygy goraýşy maliýeleşdirmek meseleleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Dialogyň ahyrynda gatnaşyjylar «Ilkinji saglygy goraýyş boýunça Milli ýol kartasyny» durmuşa geçirmegi dowam etdirmek, goşmaça barlaglary, şol sanda lukmançylyk işgärleri üçin zähmet bazarynyň geljekki mümkinçilikleri boýunça barlaglary geçirmek, şeýle hem ilatyň iň gowşak toparlaryna aýratyn üns bermek bilen Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegi çaltlandyrmak üçin saglygy goraýşy durnukly maliýeleşdirmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça borçnamalaryny täzeden tassykladylar. Indiki ädim hökmünde BSGG bilermenleriň netijelerini jemlär we dialogyň dowamynda kesgitlenen ileri tutulýan ugurlary öz içine alýan gysgaça netijeleri Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine hödürlär.