19-njy noýabrda Migrasiýa babatda hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bilen Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň hünärmenleri üçin «Migrasiýa nokatlarynda profilirleme we gürrüňdeşlik geçirmegiň usullary» atly okuw maslahaty öz işine başlady. Maslahat Aşgabatda ýerleşýän «Sport» myhmanhanasynda geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň resmi saýtynda habar berildi. Okuw maslahatynyň meýilnamasyna söhbetdeşlik geçirmegiň döwrebap usullary hem-de gürrüňdeşlige taýýarlyk görmegiň psihologik we guramaçylyk taraplary ýaly meseleler girizildi. Okuw maslahatynyň dowamynda nazary sapaklar bilen bir hatarda, amaly türgenleşikler hem geçirilýär. Okuw maslahaty öz işini şu gün tamamlar. Bu barada habarda bellenilýär.