Şençžende Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň forumynyň meýdançasynda geçen üçtaraplaýyn duşuşygyň jemleri boýunça Russiýanyň, Hytaýyň hem-de ABŞ-nyň döwlet Baştutanlarynyň bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi diýip, «INTERFAX.RU» habar berdi. Resminamada bu döwletleriň BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik agzalary bolmak bilen, guramanyň ählumumy çagyryşlara täsirli seslenmek hem-de halkara parahatçylygynyň we howpsuzlygynyň üpjün edilmegine ýardam bermek üçin özgerdilmegine ygrarlydyklaryny; nebiti gaýtadan işlemekden alynýan önümleriň ähli ýurtlaryň bähbitlerine önümçiligini we üpjünçiligini artdyrmak; döwletleriň ylalaşygy esasynda resmi adamlaryň goraglylygyny berjaý etmek üçin Halkara jenaýat kazyýetiniň we beýleki ugurdaş gurluşlaryň öz ygtyýarlylyklaryndan hyýanatçylykly peýdalanmaly däldikleri; ýadro urşunda ýeňijileriň bolmaýandygyny hem-de oňa hiç wagt ýol bermeli däldigini, ýadro töwekgelçiliklerini peseltmek we ýadro ýaragynyň ýaýradylmagynyň öňüni almak barada ylalaşandyklary bellenýär. «Rg.ru» neşiri öz gezeginde guramanyň ykdysady liderleriniň bilelikdäki Beýannamasyna salgylanyp, Aziýa-Ýuwaş umman ýurtlarynyň indiki ykdysady sammiti 2027-nji ýylda Wýetnamda geçiriler diýip habar berdi. Ady tutulan resminamada sebitde bazar ýörelgeleri esasynda erkin söwda zolagyny döretmek esasynda ykdysady goşulyşmagy çuňlaşdyrmak; energiýa bazarynda hyzmatdaşlygy ösdürmek; pul-karz ulgamynda, emeli aň, ekologiýa, ylym, tehnologiýa, innowasiýalar ugurlarynda hyzmatdaşlygy ilerletmek we telekeçiligi höweslendirmek barada ylalaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→