Eýranyň milli ýygyndy toparynyň derwezeçisi Alireza Baýranwand Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFC) wersiýasy boýunça ýylyň iň gowy futbolçysy diýlip yglan edildi. Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň (KHDR) milli ýygyndy toparynyň futbolçysy Kim Kýon Ýon bolsa yklymyň iň gowy zenan futbolçysy baýragyna mynasyp boldy. Ýeňijiler 19-njy noýabrda Bangkok şäherindäki «Aksra Teatr King Pauer» («Aksra Theatre King Power») teatrynda geçirilen «AFC Awards Bangkok 2026» baýrak gowşurylyş dabarasynda yglan edildi. 30-njy ýubileý baýrak gowşurylyş dabarasy ikinji gezek Tailand Patyşalygynyň paýtagtynda geçirildi. Esasy baýraklardan başga-da, dabaranyň dowamynda ýene 17 ugur boýunça ýeňijiler sylaglanyldy. Baýranwand Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň taryhynda ýylyň iň gowy futbolçysy diýen ada mynasyp bolan ilkinji derwezeçi boldy. Ol bu baýragy Eýranyň milli ýygyndy toparynyň we «Traktor» klubynyň düzümindäki üstünlikli çykyşlary üçin mynasyp boldy. «Meniň bu baýraga mynasyp bolmagym durmuşymda örän uly ähmiýete eýe bolan, ýatdan çykmajak we tolgundyryjy pursatdyr. Emma, ilkinji nobatda, öz ýurduma wekilçilik edýändigime buýsanýaryn we men özümi juda bagtly duýýaryn. Men bu baýragy şahsy üstünligim hökmünde däl-de, eýsem Eýranyň halkyna degişli mertebe hökmünde kabul edýärin» — diýip, futbolçy belledi. Kim Kýon Ýon ilkinji gezek bu baýraga dalaşgär görkezileninde Aziýanyň iň gowy zenan futbolçysy diýen ada eýe boldy. Bu baýrak onuň KHDR-niň milli ýygyndy toparynyň we zenanlaryň arasynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Çempionlar ligasynyň häzirki ýeňijisi bolan «Negohýan» klubunyň düzüminde görkezen ýokary netijeli çykyşlaryny alamatlandyrýar. Ol 2017-nji ýylda bu baýraga mynasyp bolan Ri Kym Sukyň üstünligini gaýtalap, KHDR-den bu baýragy alan ikinji futbolçy boldy. «Indi bu baýragy alanymdan soň, arzuwym hasyl boldy. Daş-töweregimdäki ähli adamlara — topardaşlaryma, tälimçilerime, maşgalama we ýurduma minnetdarlyk bildirýärin. Täze üstünlikleri gazanmak, ýurdumyň abraýyny we Aziýanyň şöhratyny has-da belende götermek üçin mundan beýläk-de has yhlasly zähmet çekerin» — diýip, futbolçy aýtdy. Erkekleriň arasynda ýylyň iň gowy tälimçisi baýragyna Ýaponiýanyň «Matida Zelwiýa» klubynyň tälimçisi Go Kuroda mynasyp boldy. Ol bu baýraga eýe bolan ýaponiýaly sekizinji hünärmen boldy. Zenanlaryň arasynda bolsa eýranly Marziýe Jafari yzly-yzyna ikinji ýyl ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip yglan edildi. Ol «Bam Hatun» klubynyň we zenanlaryň milli ýygyndy toparynyň düzümindäki üstünlikli işleri üçin bu baýraga mynasyp boldy. Şeýlelikde, ol bu baýragy yzly-yzyna iki ýyl gazanan ikinji tälimçi boldy. Futzal boýunça ýylyň iň gowy oýunçysy baýragy Bangkok şäherinde doglan Muhammet Osamanmusa berildi. Ol 2013-nji ýylda bu baýraga mynasyp bolan Suphawut Tuanklandan soň, bu ugurda baýragy alan ikinji tailandly oýunçy boldy. Erkekleriň arasynda halkara derejesinde çykyş edýän ýylyň iň gowy futbolçysy baýragy günorta koreýaly Li Kang Ina gowşuryldy. Ol bu baýragy taryhda yzly-yzyna iki gezek gazanan ilkinji futbolçy boldy. Zenanlaryň arasynda bu baýraga awstraliýaly Keýtlin Ford mynasyp boldy. Ol ozal 2011-nji ýylda Aziýanyň iň gowy ýaş futbolçysy, 2016-njy ýylda bolsa Aziýanyň iň gowy zenan futbolçysy diýlip yglan edilipdi. Şeýlelikde, ol erkek ýa-da zenan futbolçylaryň arasynda üç baýragyň ählisine mynasyp bolan ilkinji türgen boldy. Ýylyň iň gowy ýaş futbolçysy baýragy 2025/2026-njy ýyl möwsüminde özüni aýratyn tanadan ýaponiýaly hüjümçi Rýunoske Sato berildi. Zenanlaryň arasynda bolsa KHDR-niň milli ýygyndy toparynyň netijeli hüjümçisi Ýu Çžon Hýan baýragyň eýesi boldy. Ol bu sylagyny üstünlikli geçen möwsüminde gazanan köp sanly beýleki baýraklaryna we kuboklaryna goşdy. Aziýa futbolynyň iň ýokary şahsy baýragy bolan «Aziýanyň göwheri» aradan çykan Singapuryň Futbol assosiasiýasynyň öňki prezidenti Lim Kia Tonga berildi. Ol bu baýragyň taryhynda 19-njy eýesi boldy. Mundan başga-da, dabaranyň dowamynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň agzalary bolan milli we sebit futbol assosiasiýalarynyň yhlasly zähmeti aýratyn bellenildi. Awstraliýanyň Futbol federasiýasy (Football Australia) bolsa zenanlaryň arasynda geçirilen Aziýa Kubogynyň 21-nji ýaryşyny guramakda bitiren hyzmatlary üçin ýörite baýrak bilen sylaglanyldy. Eýranyň derwezeçisi Baýranwand 2024-nji ýylyň tomsundan bäri «Traktor» klubynyň düzüminde çykyş edip gelýär. Ol şol döwürde Tähranyň «Persepolis» klubyndan Töwriziň toparyna geçipdi. Ondan iki ýyl öň, 2022-nji ýylda bolsa türkmen hünärmeni Gurban Berdiýew «Traktor» klubyna ýolbaşçylyk edipdi. Ol şol ýylyň iýun-noýabr aýlarynda toparyň baş tälimçisi we tehniki direktory wezipesinde işläpdi.