Günorta Koreýada ýaşaýjylaryň 10-syndan 7-si jübütler resmi nikadan geçmän hem bile ýaşap bilerler diýip hasaplaýar. Bu barada ýurduň Maglumatlar we statistika ministrligine salgylanýan «Kazinform» gullugy ýazýar. Geçirilen barlaglara görä, pikiri soraşylanlaryň 67,8 göterimi şeýle pikiri goldanýar, 20—30 ýaşlylaryň arasynda bolsa, bu görkeziji 80 göterimden geçýär. Pikir soralyşyga gatnaşanlar öýlenmekden ýa-da durmuşa çykmakdan ýüz öwrülmeginiň esasy sebäbi hökmünde maliýe serişdeleriniň ýetmezçiligini görkezýärler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 9 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→