Türkmen hünärmenleri daşary ýurtly kärdeşleri bilen bilelikde Garagum çölüniň çägesinden kremniý almagyň tehnologiýasyny işläp düzdüler. Bu barada ýurdumyzyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň bölüm müdiri Batyr Berdiýew «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde habar berdi. Onuň sözlerine görä, bu tehnologiýa dünýäde uly islegden peýdalanýar we geljegi uly ugurlaryň biri bolup durýar. Tehnologiýanyň esasy artykmaçlyklary kremniýniň ýokary çykymlylygyny üpjün etmegi, energiýa çykdajylary taýdan tygşytlylygy hem-de ýurdumyzda çig mal gorlarynyň giň möçberde bolmagydyr. Berdiýewiň belleýşi ýaly, Türkmenistan himiýa senagaty üçin mineral çig mal gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýär. Ýurdumyzda kükürt, fosfatlar, daş duzy, kaliý, gips, stronsiý çig maly (selestin), polimetallar, hek daşy we natriý sulfaty ýaly peýdaly magdanlar bar. Bu serişdeleriň esasynda ýurdumyzda diňe bir himiýa senagaty däl-de, eýsem gurluşyk materiallaryny öndürmek pudagy hem depginli ösdürilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→