Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Maliýe» dersi boýunça geçirilen III Açyk halkara internet olimpiadasynyň ýeňijileri yglan edildi. «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä, olimpiada 11 ýurduň 52 sany ýokary okuw mekdebinden 200-e golaý talyp gatnaşdy. Bäsleşik türkmen, iňlis we rus dillerinde şahsy bäsleşik görnüşinde geçirildi. Olimpiadanyň eminler toparynyň düzümine Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri girizildi. Olimpiadanyň netijeleri boýunça jemi 121 baýrakly orun berildi. Olaryň 24-si birinji, 41-si ikinji, 56-sy bolsa üçünji orunlardyr. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary jemi 9 baýrakly orna, şol sanda 3 birinji, 2 ikinji we 4 üçünji orna mynasyp boldular. Baýrakly orunlary Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň hem-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyplary eýelediler. Russiýanyň, Belarusyň we Özbegistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary hem baýrakly orunlaryň ep-esli bölegini eýeläp, ýokary netijeleri görkezdiler. Russiýanyň ilkinji Prezidenti B.N. Ýelsiniň adyny göterýän Ural federal uniwersitetiniň, G.W. Plehanow adyndaky Russiýanyň ykdysadyýet uniwersitetiniň, «Moskwa energetika instituty» milli barlag uniwersitetiniň, Belarusyň Sarp ediş kooperasiýasynyň söwda-ykdysady uniwersitetiniň, Belarus döwlet uniwersitetiniň, Daşkentiň döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň, Daşkentiň döwlet hukuk uniwersitetiniň we beýleki ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ders boýunça ýokary taýýarlyk derejesini görkezdiler. Bäsleşikde Pakistan, Azerbaýjan, Gyrgyzystan we beýleki gatnaşyjy ýurtlardan gelen talyplar hem baýrakly orunlara mynasyp boldular. Olimpiadanyň ýeňijilerine I, II we III derejeli diplomlar gowşuryldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→