Lebap welaýatynda şu ýyl çykarylan tebigy gaz 20 milliard kub metre golaýlady. Has takygy, ýylyň başyndan bäri 19 milliard 575 million kub metrden gowrak «mawy ýangyç» çykaryldy. Munuň özi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 680 million kub metre golaý köpdür. Önümçilikdäki artyş depgini 3,6 göterime ýetýär. Bu barada «Türkmen gündogary» gazetinde habar berildi. Degişli döwürde welaýatda çykarylan nebit we gaz kondensaty 400 müň, benzin 218 müň, dizel ýangyjy 110 müň, nebit bitumy bolsa 68 müň tonnadan geçdi. Geçen aýlarda bolşy ýaly, suwuklandyrylan gazyň önümçiligi tas iki essä golaýlady. Geçen ýylyň degişli döwründe welaýatda suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň 36,6 müň tonnasy öndürilen bolsa, şu ýyldaky önümçilik 68,4 müň tonna ýetdi. Artyş — 87 göterim boldy, diýlip habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→