Aşgabatda paýtagtyň birnäçe orta mekdebiniň we Fransiýanyň «Bouygues» gurluşyk kompaniýasynyň şäherçesindäki mekdebiň okuwçylarynyň «Diýar» žurnalynyň fotohabarçysy Ahmet Taňrygulyýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň esasy temasy Türkmenistanyň guş dünýäsi, ýurduň tebigaty we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek boldy. Duşuşygyň başynda oňa gatnaşyjylar tebigatyň adam durmuşyndaky orny we ony gorap saklamagyň zerurlygy barada pikir alyşdylar. Soňra köp ýyllardan bäri ýabany tebigaty surata düşürmek bilen meşgullanýan Ahmet Taňrygulyýew ýurduň goraghanalaryna we beýleki tebigy künjeklerine guran ekspedisiýalary barada gürrüň berdi. Ol Garagum çölünden Köpetdagyň dag gerişlerine, Hazar deňziniň kenaryna çenli dürli tebigy zolaklarda geçiren işlerini beýan etdi. Suratçynyň bellemegine görä, köpýyllyk iş tejribesiniň dowamynda oňa Türkmenistanda ýaşaýan guşlaryň 150–170 görnüşini surata düşürmek başardypdyr. Okuwçylara guşlaryň uçup barýan pursatlary, iýmit gözleýişleri we jüýjelerine ideg edişleri şekillendirilen fotosuratlar görkezildi. Türkmen we fransuz okuwçylary tebigaty surata düşürýän fotosuratçy bilen duşuşdylar Duşuşygyň çäklerinde türkmen okuwçylary Öwezmyrat Sapargeldiýew, Oraz Orazow we Yslamberdi Saparow guşlar hem-de olary goramagyň zerurlygy barada çykyş etdiler. Olar guşlaryň ekologik deňagramlylygy saklamakdaky ähmiýeti, höwürtgeleýän ýerlerini goramak we howanyň sowuk möwsüminde guşlara kömek bermek barada gürrüň berdiler. Türkmen we fransuz okuwçylary tebigaty surata düşürýän fotosuratçy bilen duşuşdylar Soňra okuwçylar myhmana birnäçe sowallar bilen ýüzlendiler. Olar Türkmenistanda Gyzyl kitaba girizilen seýrek guşlaryň haýsy görnüşleriniň duş gelýändigi, bu guşlaryň gyş paslyny nirede geçirýändigi, suratçynyň guşlara nädip seresaplylyk bilen ýakynlaşýandygy we şowly bir suraty almak üçin näçe wagtyň gerek bolýandygy bilen gyzyklandylar. Duşuşyga gatnaşyjylar her bir adamyň, şol sanda ýaşlaryň hem tebigaty gorap saklamaga we guşlary goramaga nähili goşant goşup biljekdigi barada pikir alyşdylar. Duşuşyk türkmen mekdepleriniň we «Bouygues» kompaniýasynyň şäherçesindäki mekdebiň okuwçylaryna guşlar dünýäsi hem-de fotosurat sungaty barada has giňişleýin maglumat almaga mümkinçilik berdi. Şeýle hem bu çäre okuwçylaryň arasynda dostluk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etdi.