«Serdar» pagta egriji fabriginde şu ýylyň on aýynyň jemi boýunça jemi 26 million 910 müň 447 manatlyk ýokary hilli önüm öndürilip, bellenilen meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgini 109,6 göterime deň boldy. Bu barada «Daşoguz habarlary» gazeti habar berdi. 1998-nji ýyldan bäri hereket edýän kärhanada häzirki wagtda 200-den gowrak işçi-hünärmenler zähmet çekýär. Fabrigiň sebit we dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän ýokary hilli Nm 20/1, Nm 14/1 ölçegli nah ýüplügiň iri öndürijisi bolup durýandygyny aýratyn bellemek gerek. Bu ýerde öndürilýän ekologiýa taýdan arassa we ýokary hilli, halkara ülňülerine laýyk gelýän ýüplükler diňe bir ýurduň içerki bazarlaryny üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, häzirki wagtda daşary ýurtlara hem eksport edilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→