Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda fransuz dramaturgy Žan-Pýer Abunyň «Şamlykda dörän şumluk» atly detektiw komediýasynyň ilkinji görkezilişi boldy. Sahna oýnuna Arslan Berdiýewiň režissýorlyk etdi diýlip, «Altyn asyr» elektron gazetinde habar berildi. Sahna oýny Leýla Allaýewanyň Mergen Annabaýew bilen ýerine ýetiren tango tansy bilen başlanýar. Sahna suratçylary Wepaguly Amansähedowyň we Güljemal Saparowanyň ajaýyp işi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Komediýada aktýor Serdar Artykow, Şemşat Hojyýewa, şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan artisti Jennet Paltaýewa, Baýramdurdy Rahymow ýaly artistler ussatlyk bilen çykyş etdiler diýlip, habarda bellenilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→