24–26-njy noýabr aralygynda Aşgabatda dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 200-den gowrak wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýan «Türkmentel – 2026» halkara sergisi we ylmy maslahat geçiriler. Forum sanly ykdysadyýeti ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny kämilleşdirmek we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça giň gerimli maksatnamalaryň çäklerinde guralýar. Oňa sanly tehnologiýalar, elektron dolandyryş we innowasiýalar ulgamlarynda baý tejribesi bolan Estoniýadan, Awstraliýadan, Braziliýadan we beýleki ýurtlardan dünýä derejesindäki bilermenler gatnaşarlar. Maslahatyň dowamynda daşary ýurtly hünärmenleriň çykyşlaryna aýratyn orun berler. Estoniýanyň «e-Governance Academy» guramasynyň ýerine ýetiriji direktory döwlet dolandyryşyna sanly çözgütleri ornaşdyrmak we elektron hökümet ulgamyny ösdürmek boýunça halkara tejribesi bilen paýlaşar. «TUMO Center for Creative Technologies» halkara merkeziniň «TUMO International» bölüminiň direktory döredijilik tehnologiýalaryny ösdürmekde innowasion bilim maksatnamalarynyň ähmiýeti, ýaşlaryň sanly bilimini kämilleşdirmek we täze işewürlik başlangyçlaryny goldamak barada çykyş eder. Estoniýanyň «Proud Engineers» kompaniýasynyň esaslandyryjysy sanly özgertmeleriň häzirki zaman ugurlary we döwlet hem-de hususy pudaklarda innowasion çözgütleri ornaşdyrmagyň ýollary barada gürrüň berer. Braziliýanyň «ITS Rio» institutynyň ýerine ýetiriji direktory bolsa öz ýurdunyň maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda gazanan üstünlikleri we bu ugurda halkara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi barada giňişleýin maglumat berer. Garaşylyşy ýaly, dünýä derejesindäki bilermenleriň gatnaşmagynda geçiriljek bu çäre tejribe alyşmak, maýa goýum we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak, şeýle hem Türkmenistanyň maglumat-aragatnaşyk pudagyny ösdürmekde öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmak üçin möhüm meýdança öwrüler.