«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Igor Brilewiçiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň däp bolan dostlukly, özara bähbitli we strategik häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň ikitaraplaýyn hem-de sebitara gatnaşyklaryň, şeýle hem parlamentara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly itergi berjekdigi bellenildi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edýär. Taraplar hyzmatdaşlygyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň we Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň arasyndaky parlamentara dostluk toparlarynyň işini has-da kämilleşmegiň, ugurdaş komitetleriň, zenan we ýaş parlamentarileriň arasyndaky dialogy güýçlendirmegiň, kanunçykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň esasy ugurlar bolup durýandygyny bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→