Braziliýada ekologik heläkçilik: iri derýalaryň hem-de kölleriň kenarlary ölen balyklar bilen örtüldi. Ýerli häkimiýetler munuň sebäbini suw ulgamlarynyň güýçli azalmagyna getiren we gyzgyn suwda kislorodyň derejesi iň pes derejä düşen yssy howany günäkärleýärler diýip, «news.by» ýazýar. Howa töwekgelçilikleriniň indeksiniň täze maglumatlaryna laýyklykda, soňky 30 ýylda tebigat heläkçilikleri netijesinde dünýä ykdysadyýetiniň çeken zyýany 5 trillion dollara ýetipdir, heläk bolan adamlaryň sany-da 900 müňden geçipdir. Ýewropa Bileleşiginde has-da Italiýa, Fransiýa, Gresiýa we Ispaniýa ejir çekipdirler. Bu ýurtlar yzygiderli yssy hem-de tokaý ýangynlary sebäpli iň gowşak goralan 20 sany döwletiň sanawyna girdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→