«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Täjigistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Namoýandogan Majlisiniň Başlygy Faýzali Idizodanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Mejlisiniň resmi saýtynda berilýän habara görä, D.Gulmanowa iki ýurduň arasynda köp ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer ugurlarda dostlukly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilip, ikitaraplaýyn görnüşde we abraýly halkara guramalaryň çäklerinde birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak bilen, has-da berkidilýändigini aýtdy. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň şu gezekki güýzki maslahatynyň hem ikitaraplaýyn hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň täze derejelere çykmagyna oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi. Bu çäre türkmen we täjik halklarynyň, şeýle hem sebitiň we GDA agza beýleki dost-doganlyk döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary has-da berkidýän möhüm meýdança öwrüler. Taraplar iki ýurduň arasynda ýola goýlan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny parlament diplomatiýasy arkaly goldamagyň möhümligini aýratyn bellediler. Geljekde halkara hukugyň ornuny ýokarlandyrmak, ynanyşmagy we özara dialogy berkitmek babatda hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem ösdürilmegini goldadylar. Habarda bellenilişi ýaly, duşuşykda bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde ugurdaş komitetleriň, zenan we ýaş parlamentarileriň arasyndaky dialogy güýçlendirmegiň, kanunçykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmagyň geljekki mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 12 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→