17-nji noýabrda Yslamabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Pakistanyň daşary işler ministri Muhammad Ishak Daryň bilelikde başlyklyk etmeginde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisiň gün tertibine ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny öz içine alýan meseleleriň giň toplumy girizildi we özara söwdany, maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, önümçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge hem-de iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn üns berildi. Şeýle hem senagat, oba hojalygy we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, maglumat tehnologiýalary, ylym we bilim, saglygy goraýyş, syýahatçylyk, bank işi hem-de maliýe ulgamlarynda özara gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisde ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri möhüm orun eýeledi. Bu ugurda iri sebit taslamalaryny, hususan-da, Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan (TOPH) gaz geçirijisini ilerletmegiň hem-de Türkmenistan – Owganystan – Pakistan ugry boýunça elektroenergetika gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegine garaldy. Ulag özara baglanyşyklylygy we üstaşyr-logistika meselelerine seretmek bilen, Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky gatnaşyklary berkitmek hem-de halkara bazarlara elýeterliligi giňeltmek üçin iki döwletiň geografik ýerleşişini netijeli peýdalanmagyň mümkinçilikleri seljerildi. Mejlisiň jemleri boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Hususan-da: Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasyna; Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna; Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň Welaýat utgaşdyryş ministrliginiň arasynda syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Geçirilen mejlis we gazanylan ylalaşyklar Türkmenistan bilen Pakistanyň iki ýurduň halklarynyň bähbitlerine laýyk gelýän däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge çalyşýandyklaryny tassyklady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→