Ösen döwletler ösýän ýurtlara, şol sanda Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň bileleşiginiň agzalaryna klimatyň üýtgemegi boýunça maliýe kömegini üç esse köpeltmelidir. Bu barada guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterriş ASEAN guramasynyň Manilede geçýän sammitiniň barşynda metbugat çykyşynda aýtdy. Ol howa bosagalarynyň ýokarlanmagy netijesinde deňiz harasatlarynyň, tupanlaryň, gurakçylygyň we suw joşgunlarynyň okgunly artjakdygyny, ob hojalygyndaky ýagdaýyň El-Nino tebigat hadysasynyň täsiri astynda has ýitileşjekdigini nygtady. «Men ösen döwletleri uýgunlaşmak maksady bilen maliýe goldawyny üç esse artdyrmaga çagyrýaryn. Hatda şeýle edenimizde hem biz zerurlyklarymyzyň 30 göterime golaýyny üpjün edip bileris. Men ösýän döwletleriň ilatyny goramak we infrastrukturasynyň durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin elýeterli gorlary köp esse artdyrmaga çagyrýaryn» diýip, Guterriş aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→