Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza ýurtlaryň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň wideomaslahat görnüşinde geçirilen 85-nji mejlisine gatnaşdy. Mejlise Geňeşiň agzalary — Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Geňeşiň assosirlenen agzalary — Gruziýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Latwiýa Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar. Çärä Owganystanyň we Estoniýa Respublikasynyň demir ýol edaralarynyň, Arkalaşyga gatnaşyjy döwletleriň Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiniň müdirliginiň, GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň hem-de Demir ýol işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Halkara konfederasiýasynyň wekilleri hem gatnaşdylar. Bu barada GDA-nyň Ýerine ýetiriji komitetiniň resmi saýtynda habar berilýär. Mejlisiň dowamynda aşakdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy: Geňeşiň 84-nji mejlisinde kabul edilen çözgütleriň ýerine ýetirilişi we 2026-njy ýylyň dokuz aýynda demir ýol ulgamynyň ulanylyş işleriniň netijeleri; 2026-njy ýylyň dokuz aýynda halkara ýolagçy gatnawlaryny ösdürmek boýunça geçirilen işler we «Express International» halkara ýolagçy gatnawlaryny integrasiýalaşdyrmak ulgamynyň wezipeleriniň durmuşa geçirilişiniň barşy; 2026/2027-nji ýyllar üçin halkara gatnawlarda ýük otlularynyň düzüm meýilnamasyny hem-de konteýnerli wagonlaryň düzüm meýilnamasyny işläp taýýarlamak; 2026-njy ýylyň sekiz aýynda demir ýol edaralarynyň arasyndaky özara hasaplaşyklaryň ýagdaýy; 2027-nji nyrh (fraht) ýyly üçin halkara gatnawlarda ýük daşamak boýunça demir ýollaryň nyrh syýasaty. Demir ýol ulaglary boýunça geňeşiň nobatdaky mejlisini geljek ýylyň ikinji çärýeginde Russiýada geçirmek meýilleşdirilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→