Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Halkara hukugy we bitaraplyk meseleleri boýunça üçünji Aşgabat maslahatynyň işine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň demografik meseleler boýunça wise-başlygy, Awstriýanyň parlamentiniň agzasy Gudrun Kugler bilen duşuşdy. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi. Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen-awstriýa hyzmatdaşlygynyň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de syýasy dialogyň we amaly hyzmatdaşlygyň oňyn depginini kanagatlanma bilen bellediler. Taraplar hyzmatdaşlygy, şol sanda söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge bolan özara gyzyklanmalaryny nygtadylar. Duşuşykda halkara gün tertibiniň meselelerine, ählumumy howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekde halkara hukugynyň ornuny pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugynyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň ähmiýeti bellenilip, onuň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylandygy nygtaldy. Şeýle hem ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň çäklerinde özara gatnaşyklaryň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň, sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalary giňeltmegiň ähmiýetini bellediler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir→