Naýybyň suwuklandyrylan gazy öndürýän kärhanasynda geçen aýda 8 müň 51 tonna suwuklandyrylan gaz öndürildi. Şeýlelikde, meýilnama 104,7 göterim ýerine ýetirildi. Bellenilen tabşyrykdan artyk öndürilen önümiň möçberi 359 tonna barabar boldy. Bu barada «Nebit-gaz» gazetinde habar berildi. Oktýabr aýynda meýilnamada göz öňünde tutulan 3 müň 836 tonnanyň ýerine 4 müň 875 tonna gaz kondensaty öndürildi. Munuň özi aýlyk tabşyrygyň 127,1 göterim berjaý edilendigini aňladýar. Meýilnamadan artyk öndürilen gaz kondensatynyň möçberi 1 müň 39 tonna ýetdi. Naýyp kärhanasy «Türkmengaz» döwlet konserniniň Suwuklandyrylan gazy öndürmek boýunça Lebap önümçilik müdirliginiň düzüminde möhüm orny eýeleýär. Müdirligiň önümçilik işi tebigy gazy gaýtadan işläp, onuň düzüminden suwuklandyrylan gazy, gaz kondensatyny we harytlyk tebigy gazy almak bilen baglanyşyklydyr. Darganata etrabynyň çäginde ýerleşýän Naýyp desgasynyň tehnologik hatarlary taslama boýunça ýylda 4,5 milliard kub metr tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenendir. Olaryň ýyllyk önümçilik kuwwaty 120 müň tonna suwuklandyrylan gazy we 60 müň tonna gaz kondensatyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Müdirligiň kärhanalarynda öndürilýän suwuklandyrylan gaz içerki sarp edijilere iberilýär, şeýle hem daşary ýurtlara eksport edilýär. Önümiň demir ýol we awtoulag serişdeleri arkaly ugradylmagy önümçilik bilen sarp edijiniň arasyndaky baglanyşygy üpjün edýär.